Dostluk. Düşünişmek. Netijelilik

20 Maý 2024
208

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, 18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda zenanlaryň tutýan ornuny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik döreden «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly foruma ünsi çekdi hem-de şeýle maslahatlaryň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

«Nesil».
Beýleki habarlar