Zenanlar dialogy işjeň ilerledilýär

20 Maý 2024
229

Türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuňňur taryhy-medeni köklerden gözbaş alýar. Şoňa görä-de, 17-nji maýda paýtagtymyzda Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi bellenilmäge mynasypdyr.

Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy biziň halklarymyzy asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de soňky ýyllarda barha ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk gatnaşyklary esasynda kemala gelen umumy däp-dessurlaryň birleşdirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň Pekine amala aşyran iş saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi we hanym Şen Ýueýue bilen Pekinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

«Nesil».
Beýleki habarlar