Russiýanyň we Hytaýyň iri kompaniýalary umumy logistikany dörederler

20 Maý 2024
179

«Delo» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Sergeý Şişkarewiň we «Xiamen C&D Inc» kompaniýasynyň baş direktory Lin Maonyň daşary söwdany üpjün etmek, deňiz ulag ýollaryny ösdürmek we iki ýurtda terminal hem ammar infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin bilelikdäki logistika zynjyrlaryny gurmak boýunça ylalaşandyklaryny rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Biziň hyzmatdaşlygymyz diňe bir ýurtlaryň arasynda infrastrukturanyň ösmegini göz öňünde tutman, eýsem, ilatyň durmuşyny gowulandyrmak üçin esas döredýär. Işimiziň strategiki maksady bolsa Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwdanyň çäginde ähli hyzmatlary hödürleýän bilelikdäki kärhanany döretmekdir» — diýip, belleýän Şişkarewiň sözlerini kompaniýanyň metbugat gullugy okyjylara hödürleýär. Hytaý korporasiýasy bolsa ýurtlaryň we kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň uly geljegini görýändigini tassyklady.

Beýleki habarlar