Sergiler zalynda: azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirildi

19 Maý 2024
167

15 — 17-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirildi.

Türkmenistanda ikinji gezek ýaýbaňlandyrylan bu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem açyp görkezdi. Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň gatnaşyjylarynyň 100-den gowrak wekili öz önümlerinidir hyzmatlaryny hödürledi. Onda Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleri, degişli kärhanalar we düzümler, şeýle-de türkmen telekeçileri bar. Şeýle hem Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Özbegistandan gelen gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalara we nou-haulara ünsi çekýän diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
Suratlary düşüren: Maksat GYLYJOW, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar