2 esse artdyrar

19 Maý 2024
194

Gazagystan Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew mälim etdi.

Geçen ýyl Gazagystan bilen sebitiň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 7,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Gazagystan geljek 5 — 10 ýylyň dowamynda Özbegistan bilen söwda dolanyşygyny 10 milliard amerikan dollaryna, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen söwda dolanyşygyny bolsa 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi göz öňünde tutýar.

Taýýarlan: Merýem BEKMÜRZÄÝEWA,
TDBGI-niň uly mugallymy.
Beýleki habarlar