«Açyk gapylar» güni

19 Maý 2024
200

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda sagat 15:00-da 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümiň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde bagtyýar ýaşlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň akademiýamyzda durmuşa geçirilişi, atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana we muzeý binasy, açyk we ýapyk manežleri, athana, sport toplumynyň işi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

Beýleki habarlar