Täze bina üçin täze enjamlar

17 Maý 2024
509

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolup, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehniki okuw esbaplary we barlamhana enjamlary bilen tanyşdylar. Has takygy, institutymyzyň wekilleri Germaniýanyň dünýä belli «Phywe», G.U.N.T, «Gerätebau GmbH», we «LD Didaktik» kompaniýalaryna baryp gördüler. Bu ýerde olara kompaniýalaryň taryhy we önümçilikdäki täzelikler barada gürrüň berdiler. Nemes kompaniýalary geljekde bolsa Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleri üçin onlaýn maslahatlary we çykyşlary guramaga taýýar.

Türkmen tarapy, öz gezeginde, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda, olaryň aýdyň miweleri barada gürrüň berdiler. Bilim we tehnologiýa taýdan ösen döwlet bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ikitaraplaýyn ösüşiň has pajarlamagyny üpjün eder.

Gülzar ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar