Elektroenergetika – wajyp ugur

16 Maý 2024
254

Elektroenergetika milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barlyp, uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär.

Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Serdar SARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar