Eşretli geljegimiziň gözbaşy

15 Maý 2024
331

Nesil terbiýesi gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän iňňän wajyp wezipesidir. Sebäbi, şu günki nesliň bagtyýar geljegi ýaş nesle berilýän bilimde we edep-terbiýede jemlenýär. Halkymyzyň nesil terbiýesi baradaky ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Şu aladalar bilim işgärlerine bildirilýän ýokary talaby öňe çykarýar. Has tutanýerli zähmete borçly edýär. Şeýle jogapkärli işiň ýokary netijesiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagyna baglydygyndan ugur alýarys. Aslynda, mugallymyň işi juda jogapkärli wezipe. Sebäbi, döwletimiz biz, mugallymlara ertirimiziň abadanlygyny üpjün etmegi ynanýar. Has takygy, geljegimiziň bagtyýarlygy ýaş nesle şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiliniň derejesine baglydyr. Şonuň üçinem her bir bilim işgäri bu hakykata dogry düşünip, hünär borjunyň jogapkärçiligini duýmagy derwaýysdyr.

Beýleki habarlar