Gurýan döwlet gurplydyr

15 Maý 2024
247

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde uly özgertmeler bolup geçýär. Oýlanyşykly düzülen maksatnamalaýyn ykdysady strategiýanyň esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Sement zawody şolaryň birisi. Ol türkmeniň gurujylyk sungatynyň belentligini görkezýär.

Köýtendag etraby gurluşyk önümlerini öndürmek üçin çig malyň baý mekany hasaplanylýar. Sement zawody üçin ol tüýs laýyk ýer boldy. Zawod iki tapgyrda guruldy. Bu desga innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň anyk mysalydyr. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysaly bolýan bolsa, Köýtendag etrabyndaky sement zawody şol özgertmeleriň, iň zerur bolan desgalaryň gurluşyklarynyň ýüregine, hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar