Ösüşleriň aýdyň beýany

15 Maý 2024
255

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ir bilen edaranyň öňündäki meýdançada guralan açylyş dabarasyna ýurdumyzyň bu ugra degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýerli önümçilik kärhanalaryny döretmek we kämilleşdirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde bu ugurda uly öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply ýerli önümleri öndürmekde, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly azyk önümçiligi senagatyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýän häzirki zamanasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, azyk senagatynda hem döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda ýurdumyzda häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalaryň sany barha artýar. Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda ýaýbaňlandyrylan sergide hem ýurdumyzyň soňky ýyllarda azyk senagatynda gazanan üstünliklerini synlamak bolýar. Şeýle hem, halkara derejeli gözden geçiriliş bu ugurda geljegi uly maksatnamalary durmuşa geçirmegiň giň şertlerini we mümkinçiliklerini açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar