Gurluşyk işlerine mynasyp goşant

15 Maý 2024
260

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy üçin ähli amatly şertler döredilýär.

Öňden hereket edýän senagat kärhanalary düýpli abatlanylyp, olaryň önümçiligine täze, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda-da daşary ýurtlardan eksport edilýän gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegine getirýär.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar