Senagat pudagymyzyň ösüşli menzilleri

15 Maý 2024
264

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimizden ugur alnyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze kuwwatly kärhanalaryň gurulmagy we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna girmegini şertlendirýär.

«Esger».
Beýleki habarlar