Dünýä ölçeglerinde kämilleşýän ulgam

15 Maý 2024
309

Taryhy ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, olar bagtyýar ýaş nesillerimiziň halkara ölçeglere laýyk bilim almaklaryny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmeklerini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Häzirki döwürde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde yzygiderli gazanýan üstünlikleri aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda öwgä mynasyp işler ýerine ýetirildi. Muny hormatly Prezidentimiziň: «On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Hatyja Amangylyjowa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar