Täsin kölüň baýlyklary

15 Maý 2024
277

Täze eýýamyň taryhy tutumlary

Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde giň gerimli özgertmeler täze taryhy eýýamda belent sepgitleri nazarlaýar. Uglewodorod hem-de himiýa çig mal serişdeleriniň baý gorlaryny özünde jemleýän welaýatymyzda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmekde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlar muny aýdyň görkezýär. Şunda himiýa senagaty geljegi uly pudaklaryň biri bolup durýar. Ýokary derejede minerallaşan ýerasty senagat suwlarynda ýoddur bromdan başga-da, litiý, bor, stronsiý, rubidiý ýaly gymmatly we seýrek duş gelýän  elementler bar. Önümçiligiň dürli ugurlarynda, aýratyn hem okgunly ösýän elektronikada, radiotehnikada, kosmos tehnikasynda ulanylyşynyň durnukly artmagy olaryň ýerasty suwlardan alynýan möçberlerini köpeltmek zerurlygyny orta çykarýar.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».
Beýleki habarlar