Täze sepgitleriň başlangyjy

14 Maý 2024
222

Arzuw-maksatlaryň, mümkinçilikleriň hem-de ösüşleriň bir-biri bilen sazlaşyp, berkarar bolmagy halkyň, döwletiň geljek ýolunyň rowaçlyklaryny hasyl edýär. Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzyň esasy ugurlarynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan maksatlar berk binýatlara daýanmak bilen, ösüşleriň yzygiderli dowam etdirilmegini nazarlaýar. Halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, ýurdy innowasion ýol bilen ösdürmek wezipeleri bolsa, ösüş maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bu pudagy gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün etmegi şertlendirýär, dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmäge itergi berýär. Gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda bäsleşige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda ony gurluşyk materiallaryny ösdürmek arkaly pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ine, munuň aýdyň mysalyny baharyň ajaýyp maý günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hem dabaralandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy bu waka üýtgeşik many, täze ýalkym berdi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara toý öwüşginini çaýdy. Hormatly Prezidentimiz dabarada çykyş edip, Garaşsyz Watanymyzda medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary ulanmaga bermegiň, täze önümçilikleri işe girizmegiň indi asylly däbe öwrülendigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, şu döwrebap kärhananyň hem şeýle desgalaryň biridigine ünsi çekdi. Şol çykyşyň barşynda şu ýyl Bäherden etrabynda täze keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle hem Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny bellemegi welaýatyň ýaşaýjylaryny has-da buýsandyrdy.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar