Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

14 Maý 2024
554

Görelde sapagyny guramak

Edebiýat dersinden okadýan synplarymda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly temalar boýunça görelde sapaklaryny guradym. Sapakda Magtymguly Pyragy, onuň şygryýet dünýäsi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmek örän ähmiýetlidir. Multimedia tagtasynda şahyryň suratyny, oňa degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şahyryň goşgy bentleriniň aýdyma öwrülenlerini, ol hakdaky rowaýatlary, Magtymguly barada ýazylan eserleri, «Magtymguly» filmini okuwçylara görkezdim. Okuwçylara ýörite barlagnamalary hödürledim. Synpy iki topara bölüp, şahyryň goşgularyndan ýatdan aýtmak boýunça bäsleşdirdim. Okuwçylara şahyryň goşgularynyň manysy barada sowal berdim. Magtymguly Pyragynyň dürli temalardan döreden goşgularyny okuwçylara gürrüň berdirdim. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylarym bolsa, çeken suratlaryny görkezdiler. Guran görelde sapagyma okuwçylarym örän işjeň gatnaşdy. Sapagyň ahyrynda okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrdym.

Beýleki habarlar