Nepisden gözel halylar

14 Maý 2024
277

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň agzybir işgärleriniň çekýän yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine bu ýerde üstümizdäki şanly ýylyň geçen dört aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri aýdyň şaýatlyk edýär. Has anygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda gürrüňi edilýän kärhananyň bäş barmagyndan dür dökülýän halyçy gelin-gyzlarynyň tutanýerli zähmeti bilen, 1 million 995 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 110,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 883 inedördül metrden gowrak haly dokamagyň hötdesinden gelen çeper elli halyçylaryň şu günlerdäki iş depginleri has-da ýokary. Olar beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň keşbi şekillendirilen nepisden owadan portret halylaryny dokamak işini yhlasly alyp barmak bilen, degişli sargytlary wagtynda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan şanly ýylda bu halylar törleriň bezegine öwrüler.

(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar