Döwrebap ugurlar kämilleşdirilýär

12 Maý 2024
366

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny köpugurly ösdürmek ugrundaky tagallalary esasynda golaýda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkezi döredildi.

Bu merkez Türkmenistanda, şol sanda uniwersitetde kibersportuň ähli görnüşlerini ösdürmäge, kibertürgenleriň ýaş neslini kemala getirmäge, dürli ýaryşlary geçirmek arkaly ýurdumyzyň zehinli kibertürgenlerini bir ýere jemlemäge, kibersportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryny düzmäge, olary halkara ýaryşlara taýýarlamaga we gatnaşdyrmaga, kibersporty ylmy esasda ösdürmäge ýardam eder. «Kibersport» merkezi kibersport boýunça ýörite tölegli okuwlary alyp barmaga, kibersportuň görnüşlerine kibertürgenleriň ýaş aýratynlyklaryna bagly tälimçilik etmäge, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda sportuň bu görnüşini ýaýbaňlandyrmaga, mahabatlandyrmaga, ýurdumyzyň ösüşine sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny çekmek üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen sanly tehnologiýalar merkezidir.

Myrat RAHMEDOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar