Kämilligiň aýdyň ýoly

12 Maý 2024
303

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Kämillik, ilkinji nobatda, ýaşlaryň aňynyň ösüşi, dünýägaraýşynyň baýlygy bilen kesgitlenýär. Bular bolsa, öz gezeginde, çuňňur bilime we güýçli ylmy binýada baglydyr. Bilim hem-de ylym bilen kämillige tarap ýol açylýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň çäklerinde ýaş nesillerimize bilim öwretmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we kämil şahsyýetler edip kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Milli terbiýäniň özeni bolsa ene dilimizden we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryndan gözbaş alýar. Dil aragatnaşyk serişdesidir. Çünki dil arkaly ösüşleri, üstünlikleri beýan etmek mümkin. Şonuň üçin medeni derejäni ýokarlandyrmakda, aňly-düşünjeli, kämil nesilleri ýetişdirmekde ene dilimizi öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr.

Aýjemal ALTYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar