Ynsanperwer hukugy boýunça düzme bäsleşigi

11 Maý 2024
417

Häzirki wagtda bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge aýratyn üns berilýär. Şunda halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri halk köpçüligine giňden wagyz etmek möhümdir. Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilen «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak bäsleşigi hem şundan ugur aldy.

Bäsleşige ýurdumyzyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de magistrleri gatnaşdylar. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Nurana Rejepgulyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Merdan Çaryýew, şeýle-de Gyrgyzystanyň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň talyby Adeli Raimkulowa aýratyn tapawutlanyp, birinji orna mynasyp bolmagy başardy. Şunda talyplaryň ýazan düzmesinde getirilen hukuk adalgalarynyň ulanylyşyna, häzirki zamanyň parahatçylyk ýörelgeleriniň seljerilişine baha berildi. Bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 2-si, täjigistanly, gazagystanly we özbegistanly talyplaryň 3-si ikinji orny eýelemegi başardy. Üçünji ornuň birini täjigistanly, 7-sini türkmenistanly talyplar eýelediler.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar