Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi

9 Maý 2024
195

2024-nji ýylyň 6-7-nji maýynda Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.Amanjolowa), Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.Petrakow) hem-de Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.Atajanow) wekiliýetleri gatnaşdylar.

Beýleki habarlar