Haýyr-sahawatyň rowaçlanmagy

9 Maý 2024
215

Golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine üns çekilmegi bu haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä ýüzünde barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Ýurdumyzdan ýörite wekiliýetiň gatnaşmagynda geçen «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» atly bu mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyryldy. Hususan-da, mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guralyp, ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Bu duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Baueriň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Guptanyň, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagy ýurdumyzda dünýä nusgalyk derejede alnyp barylýan ynsanperwer işleriň halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Çärede Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygy nygtalyp, şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýetine üns çekildi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, gaznanyň işi köpugurly häsiýete eýedir. Ol çagalara çylşyrymly lukmançylyk operasiýalarynyň geçirilmegini, hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlaryň satyn alynmagyny, çagalara bejeriş-öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş hem-de bejeriş amallarynyň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmek ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Bu haýyr-sahawat gaznasy birnäçe halkara ynsanperwerlik çärelerine gatnaşdy.

Beýleki habarlar