Senagat we sement

9 Maý 2024
195

Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hakda

Her günüň öz ýakymy, her aýyň öz ýalkymy bar. Özüňiz bilýäňiz, bu biziň ýurdumyzda şeýle. Her aýda ýalkym saçýan tutumly işler hem uly ýakym bagyşlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda 13-nji martda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, 17-nji aprelde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýyllara ýalkym saçýar. Özem döwlet Baştutanymyzyň mübärek gadamynyň düşmegi bilen ýene-ýene birnäçe buýsançly wakalar hem sepleşip-sazlaşyp şaha ýaýradýar. Dek düýnüň özünde hormatly Prezidentimiziň açyp ulanmaga beren Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry hem iňňän uly işleriň biri.

Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag».
Beýleki habarlar