Kämilligiň açary

8 Maý 2024
260

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar Diýarymyzda soňky sanlyja ýylyň içinde ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar guruldy, öňden bar bolanlarynyň ählisi hem kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edildi. Ýaşlarymyz türkmen dili bilen birlikde iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler. Dil öwrenmek, bilmek ynsana paýhas eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri bilim işgäri üçin ýolgörkezijidir: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr».

Mähriban halkymyzyň guwanjy Aşgabat hem-de Arkadag şäherleri häzirki wagtda ýurdumyzyň umumy ösüşleri bilen birlikde, bilimleriň dabaralanýan mekany hökmünde hem giňden tanalýar. Şunda aragatnaşyk ulgamy häzirki döwürde adamyň gündelik durmuşynda mäkäm orun aldy. Bilimiň ösüşinde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da artdy. Sapaklarda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, bilimlere bolan höwesini, dünýägaraýşyny, bagtyýar geljege bolan ynamyny has-da ýokarlandyrdy. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesine netijeli täsir etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary, multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary häzirki wagtda her bir okuwçy üçin elýeterlidir. Mekdep okuwçylarynyň kitaplar bilen üpjünçiligi birkemsiz berjaý edilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, okatmagyň täze tehnologiýalar arkaly baýlaşdyrylmagy, usulyýetiň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamyna geçilmegi we täze okuw merkezleriniň açylmagy bilen gysga döwrüň içinde gazanylan üstünlikler has-da buýsandyryjydyr.

Ýazgeldi SAPAROW,
Gökdepe etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar