Edebiýatyň genji-hazynasy

8 Maý 2024
260

Dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň hatarynda ynsan kalbyna has ýakyn durýan, akgynly okalýan we ýatda galýan eserleri bilen mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi tutuş adamzadyň genji-hazynasydyr. Şygyr meýdanynyň «oragyny orup giden» akyldaryň 300 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän günlerinde dünýäniň çar tarapynda şahyryň edebi agşamlary geçirilýär, döredijiligi giňden öwrenilýär, dürli baýramçylyk dabaralary bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem türkmen halkynyň milli guwanjyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, akyldar şahyryň döredijiligini şöhratlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesillere olaryň many goýazylygyny düşündirmek, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça uly wezipeler öňde durýar. Şol mukaddes wezipelere eýerip, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde meýilnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Mekdep okuwçylarynyň arasynda uly höwes bilen geçirilýän edebiýat agşamlary ýaşlarda unudylmajak ýatlamalary galdyrmak bilen bir hatarda, Magtymgulynyň döredijilik ummanyna bolan belent söýgi-sarpany hem terbiýeleýär.

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy derslerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebimizde hem şeýle çäreleriň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu dabaraly medeni çärelerde okuwçylar şahyryň köpöwüşginli döredijilik dünýäsine ýakyndan aralaşýarlar, olaryň sözüň ägirt uly güýjüne bolan söýgüleri barha artýar. Ýakynda Aşgabat şäher baş bilim müdirligi bilen bilelikde şäheriň käbir mekdepleriniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-amaly maslahatyň dowamynda muňa ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Onuň barşynda okuwçy ýaşlar şahyryň müň bir öwüşginli döredijiligine degişli goşgularyny asal zybanynda bolşy ýaly, dünýä halklarynyň dillerinde hem labyzly okamak, ýatdan aýtmak başarnyklaryny ýüze çykardylar. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylar goşgularynda Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini çeper beýan etdiler. Çärede ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri wasp edildi.

Atajan ANNAGELDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy derslerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar