Bilimli ýaşlar — röwşen geljegimiz

8 Maý 2024
250

Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebinde bilimini artdyrmaga isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, harby bölümleriň esgerleri, okuw merkezleriniň diňleýjileri, şeýle hem önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim almaga döredilýän giň gerimli mümkinçilikleri orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap binalarynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýaşlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan tanyşmagyny üpjün edýän şeýle «Açyk gapylar» günleri indi her ýyl geçirilýän asylly däbe öwrüldi. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna gelen ýaşlar bu ýerde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işler, öwredilýän hünärler hem-de olaryň taýýarlyk ugurlary, okuwlaryň guralyşy, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, sport klubynyň işi we talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar