Gündogaryň beýik şahyryny hormatlap

8 Maý 2024
372

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynda «Magtymguly Pyragy — türki dünýäsiniň beýik şamçyragy we akyldary» atly şygar astynda geçirilen halkara «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem beýik söz ussadynyň döredijiligi dogrusynda boldy.

Duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti Rifkat Minnihanow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň ýolbaşçysy we işgärleri, türkmen we tatar ylmy işgärleri, ýazyjylar, şahyrlar, edebiýatçylar, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Wengriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullary gatnaşdylar.

Aşyraly NAZAROW,
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň Ikinji sekretary.
Beýleki habarlar