Ýyly mähriň duýýas alysdan, Watan!

8 Maý 2024
462

«Towşana dogduk depe» diýleni. Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde: «Eşit adam, dogan ilden, //Gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýlişi ýaly, her bir ynsan üçin göbek gany daman topragyndan mähriban ýurt ýokdur. Watan başymyzyň täji, gözümiziň nury. Watan mukaddesligi, ene topragyň mähri ondan alysda bolanyňda has ýakymly duýulýan ekeni. Ýüregiň eziz topragyňy küýsäp durandyr, kalbyň dogduk obaňa telwas urýandyr. Ösümlik hem haýwanat dünýäsine baý türkmen sährasy, bugdaýly meýdanlar, miweli baglar göz öňüňde hatarlanyp, mele-myssyk tamdyr çöreginiň ysyny, datly miweleriň, ir-iýmişleriň tagamyny alarsyň. Bu pursat ýokary bilim alyp, ene topragymyza dolanjak günlerimiziň arzuwy kalbymyza ganat beklär. Watan baradaky aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň.

Kähalat okuwdan boş wagtlarymyzda, milli lybaslarymyzy geýnip, şaý-seplerimizi dakynyp, Kazanyň köçeleri bilen ýöränimizde, daş-töweregiň bize haýran galyjylyk bilen seredýändigini duýýarys. Buýsandyrýan ýeri, olar türkmen gyzlaryny milli lybaslaryndan tanaýarlar. Käbiri ýörite ýanymyza gelip, «Siziň owadan milli lybaslaryňyz bar. Siziň bilen surata düşsek bolarmy?» diýip, ýadygärlik surata hem düşýärler. Şeýle pursatlar ata Watanymyza, milliligimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Roza BEGALIÝEWA,
Kazan federal uniwersitetiniň 2-nji ýyl magistr talyby.
Beýleki habarlar