Ösüşler — bagtyýar durmuşyň kepili

8 Maý 2024
402

Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuşa geçirilen taryhy tutumlaryň netijesinde tanalmaz derejede özgeren, gözelleşen Watanymyzda täze-täze sepgitler nazarlanýar. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, sebitleri düýpli özgertmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrümiziň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda röwşen geljege ynamly barýan halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ägirt uly üstünliklere beslemek üçin zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýär. Ýetilýän sepgitler berkarar Watanymyzyň ösüşli menzillerinde täze-täze belentliklere ýol açýar.

Göwher Garryýewa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar