Ýüreklerde baky ýaşar adyňyz

8 Maý 2024
419

 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe 79 ýyl dolýar. Türkmen halky şol gün edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen Watana bolan beýik söýgüsini görkezen gerçeklerini ýatlaýar. Sebäbi halk öz gahrymanlaryny hiç haçan unutmaýar, döwlet öz gahrymanlary bilen beýgelýär.

Şol gazaply uruşdan bäri ençe ýyllaryň geçendigine garamazdan, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz gerçeklerini hem-de tylda gijesini gündiz edip işlän, ýar ojagyna wepalylygyň nusgasyny görkezen mähriban enelerimizi uly hormat bilen sarpalaýar. Olaryň durmuşy biziň ýaş nesillerimiz üçin mertligiň, gaýduwsyzlygyň, Watana bolan beýik söýginiň gaýtalanmajak mekdebidir.

Laçyn Akgaýewa,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar