Watan goragy mukaddesdir

8 Maý 2024
225

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen Balkanabat şäher häkimliginiň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler asuda durmuş üçin baş goýan gahrymanlarymyzyň, merdana esgerlerimiziň görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri hakynda gürrüň berdiler, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olaryň nusgalyk mekdep bolup durýandyklaryny nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy ugrunda döş gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasynyň mydama belent tutulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Halkymyzy eşretli hem-de bolelin durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Oguljennet Annageldiýewa.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».
Beýleki habarlar