Pederleriň mertligi nesillere nusgadyr

8 Maý 2024
352

9-njy maý — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni

Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» ýadygärligine hem-de muzeýe baranyňda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply uruş döwri we onda gazanylan Beýik Ýeňiş barada gussaly we şol bir wagtyň özünde-de buýsançly oýlanmalar kalbyňy gaplap alýar. Gussaly ýeri, uruş pidasyz, ýitgisiz bolmaýar. Beýik Watançylyk urşy hem adamzada jebir-jepa, betbagtçylyk getirdi. Frontdan örän alysda ýerleşenem bolsa, uruş odunyň ýalny türkmen iline-de çabrady. Gerçek ýigitlerimiz ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gitdiler, olaryň müňlerçesine mähriban ojaklaryna dolanyp gelmek miýesser etmedi. Buýsançly ýeri, türkmenistanly esgerler hem gahrymanlarça söweşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we Ýeňşi gazanmaga mynasyp goşantlaryny goşdular.

Döwletmämmet Garaklyýew,
«Balkan».
Beýleki habarlar