Gül boldy, gideli biziň illere

8 Maý 2024
148

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip belleýär. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, taryha adyňy ýazdyrmak, ýagşy işleriň bilen at goýup gitmek adamyň dünýäde ýerine ýetirmeli iň esasy amallarynyň biridir. Onda-da halklaryň, milletleriň aňynda öçmejek yz goýmak şol şahsyýet üçin bagtyň alamaty bolup, şeýle adamlar soňky nesilleriň hakydasynda ömürlerini baky dowam etdirýärler. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz «Ýagşydan at galar», «Ýagşyny älem arzuwlar» ýaly onlarça paýhas dürdänelerini döretmek bilen, ynsanyň haýyr işleri bitirip gazanan at-abraýynyň hiç wagt egsilmeýändigini nygtapdyrlar.

Adamzadyň medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan halkymyzyň nusgawy edebiýatynyň taryhynda özboluşly mekdep, ýol-ýörelge döredip, geljekki nesillere baý edebi miras goýup giden, ady äleme dolan şahyrlarymyz, akyldarlarymyz, söz ussatlarymyz barmak büküp sanardan köpdür. Olaryň aglabasyna gadymy türkmen topragynda ýaşap, halkyna hyzmat etmek bagty miýesser eden hem bolsa, il- -gününden aýra düşüp, Watan zaryny çeken ägirtlerimiz hem bardyr. Dünýä halklaryna ajaýyp şygyrlary miras galdyran Garajaoglan hem şolaryň biridir.

Dünýägözel Atabaýewa,
«Balkan».
Beýleki habarlar