Asyrlaryň owazyna öwrülen ajaýyp şygyrlar

8 Maý 2024
139

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny ýagşy umyt-arzuwlara, öçmejek nura besleýän ajaýyp şygyrlary bilen ýüreklerde ýer eden şahyrdyr. Durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren söz ussadynyň baý edebi mirasy dünýä edebiýatynda görnükli orunda durýar. Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat--şanyna» diýip aýdyşy ýaly, beýik şahyry dünýä beren halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä doldurýar.

Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
Beýleki habarlar