Rus obasyndan türkmen şäherine

8 Maý 2024
349

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hem ynsanyýetiň hakydasynda müdimilik orun alan pajygaly wakalaryň biri. Millionlarça adamyň ömür tanapyny kesen bu ýowuz urşuň kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken adamlaryň kalbynda ajy hasrat ýaşaýar. Emma, gynansak-da, wagt geçdigisaýyn şeýle gowgaly günleri başdan geçiren, Watan üçin söweşen uruş weteranlarynyň we olaryň yzynda galyp, zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlaryň sany azalyp barýar. Ýöne olaryň edermenligi nesilleriň kalbynda ebedilik ýaşaýar. Şeýle gahrymançylyk ýoly bilen köplere nusga bolýan goja esgerleriň biri-de Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Iwan Wasilýewiç Agupowdyr.

Döşüni ýeňiş medallarydyr ordenleri bezeýän Iwan Agupow bir asyra golaýlap barýan ömrüniň dowamynda Beýik Ýeňşi 79-njy gezek baýram edýär. Ol Russiýanyň Woronež oblastynda dünýä inip, 1944-nji ýylda meýletinlik bilen goşun hataryna gidipdir. Şonda ol bary-ýogy 17 ýaşynda eken. Iwan aga söweş ýyllarynda dürli milletleriň wekilleri bilen dostlaşyp, başdan geçiren dürli kynçylyklaryny, hupbatly günlerini uly tolgunma bilen ýatlaýar. Ol mukaddes topragy dürli çozuşlardan goramakdaky jeňlere, hatda Hytaýyň Harbin welaýatyny ýapon goşunlaryndan halas etmek ugrundaky söweşe hem gatnaşypdyr. Ençeme külpetlere, kynçylyklara döz gelen Iwan Agupow ýeňşi-de frontda garşylaýar. Uruş tamamlanandan soň ol Türkmenistana harby gulluga iberilýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde zähmet çekip, dikeldiş işlerinde yhlasyny gaýgyrmadyk weteran Türkmenabat şäheriniň hemişelik ýaşaýjysyna öwrülýär. Weteran goja bu gün döwletimiziň bagtyýar durmuşyna guwanyp ýaşaýar.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar