Beýik akyldaryň gadam goýan ýerlerinde

8 Maý 2024
317

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylmy-edebi jemgyýetçilik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Şu mynasybetli milli we halkara derejede dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri-de golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy.

Saparyň ilkinji gününde wekiliýetiň agzalary bilen bilelikde, Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy han medresesine baryp görüp, onuň degişli ýadygärlikler toplumyna, talyplaryň okadylan hüjrelerine, Magtymgulynyň otagyna syn etdik. Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabyndaky Özbek-türkmen dostluk öýündäki iki ýurduň şu günki ykdysady, medeni ösüşlerini beýan edýän suratlar, türkmen, özbek dillerindäki kitaplary özünde jemleýän kitaphana bilen tanyşdyk. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly çykyşlardan soňra, «Uly howly» ýadygärlikler toplumy bilen tanyşdyk. Toplumyň çäginde özbegistanly türkmenleriň taryhy, medeniýeti, senetçiligi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň saklanýandygyny görmek örän täsirli boldy.

Nurnabat GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar