Arkadag şäheri — bagtyň bahary

7 Maý 2024
243

Arkadag şäheri, sözüň doly manysynda, baky bagtyň bahary. Bahar bolsa kalbyňy joşduryp, ýüregiňe egsilmejek ylham berýär. Şu ýylyň 27-nji aprelinde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şonda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi we döwlet Baştutanymyzdan bu taýa at goýup bermegi haýyş edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan bu taýçanagyň ady Ylham bolsun!» diýdi. Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän asylly däbe eýerip, täze doglan Ylham atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlaryň dabaralanýan ýurdunda bagtyýar ýaşamak, işlemek has-da özboluşly duýgy bagyşlaýar. Milli atşynaslarymyzy, ahalteke bedewlerini umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda atşynaslarymyzyň, bu ugurda zähmet çekýän ylym-bilim edaralarynyň, alymlaryň durmuş şertleriniň hem üns merkezinde saklanmagy örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Enejan JUMAÝEWA,
Arkadag şäheriniň Döwlet arhiwiniň, gazna goraýjy hünärmeni.
Beýleki habarlar