Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly

7 Maý 2024
695

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki taryhy döwrümizi şöhratlandyrýan beýik işler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymata eýerilip amala aşyrylýar. Ajaýyp döwrümiziň ruhlandyryjy güýji, belent maksatlary halk bähbitli işlerde aýdyň beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem asylly maksatlar rowaçlanýar, ýurdumyzyň röwşen geljegi üpjün edilýär. Biz bu buýsançly hakykaty ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän desgalarda, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda aýdyň görýäris. Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle hem Lebap sement zawodynyň açylyp ulanmaga berilmegi we beýleki taryhy wakalar ýurdumyzyň gurluşyk we binagärliginiň, önümçilik senagatynyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.

Il-ýurt bähbitli dünýä nusgalyk şeýle ösüşler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar, göwünleri galkyndyrýar. Baky bagtyýarlygyň goýnunda döwran sürýän agzybir, zähmetsöýer ulus-ilimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümizi zähmet üstünliklerine besleýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ösüşler, bitirilen işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünlikleri bolup taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Ozaly bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da kuwwatlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça oňat netijeleriň gazanylandygyny bellemek gerek.Ykdysady ösüşler bolsa ýurduň ählumumy ösüşleriniň kepili bolup, döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarylygyny kesgitleýär. Ýurdumyzda köp sanly önümçilik desgalar, medeni-durmuş maksatly binalar gurlup ulanmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap desgalary gurmak boýunça giň gerimli durmuş taslamasynyň amala aşyrylmagy üstünlikli dowam etdirilýär.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar