Ulag-üstaşyr geçelgesi — dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsi

7 Maý 2024
226

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly
Prezidentimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem halkara we sebitara guramalarynyň çäginde özüniň ulag-kommunikasiýa babatdaky halkara başlangyçlaryny öňe sürüp gelýär. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir hem-de awtoulag ýollary, deňiz-derýa, şeýle-de howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri emele gelýär. Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu taslamalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Rüstem KULLAKOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar