Bagtyýar geljegiň hatyrasyna

6 Maý 2024
346

Ýurdumyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan nebitiň we gazyň möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Şonuň üçinem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak we olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde merdana nebitgaz gözleýjilerimiz ýerasty baýlyklarymyzy tapmakda, ony önümçilige ornaşdyrmakda tutanýerlilik bilen zähmet çekýärler.

Şolaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» ekspedisiýasyny hem görkezmek bolar. Ekspedisiýanyň geologiýa-barlag işleriniň esasy maksady welaýatymyzyň meýdançalarynyň çuň geologiýa gurluşyny pliosen, miosen, mezozoý çökündileri boýunça dört müň bäş ýüz we alty müň (4500—6000) metr çuňluklara çenli öwrenmekden, geljegi uly bolan nebitgaz gurluşlary ýüze çykarmakdan hem-de gözleg burawlaýşyna taýýarlamakdan hem-de geljegi uly bolan nebitgaz gurluşlary ýüze çykarmakdan, gözleg burawlaýşyna taýýarlamakdan ybaratdyr.

Serdar DEPBIÝEW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangeofizika» ekspedisiýasynyň önümçilik-tehniki bölüminiň wibrator inženeri.
Beýleki habarlar