Maksatlar bir bolanda

6 Maý 2024
299

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlarynyň birini eýeleýär. Bu bolsa gymmatly önümleriň çykarylyşyny, olaryň içerki we daşarky bazarlara ugradylýan möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Gazanylýan üstünlige «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Lebap meýdançasyndaky önümçilik-tehnologik gullugynyň agzybir we başarjaň hünärmenleri hem mynasyp goşant goşýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda işleriň gidişi, öňde durýan wezipeler barada gürrüň bermegini haýyş edip, gullugyň başlygy Aşyr NURMEDOWA ýüz tutduk. Şonda ol:

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitdir gaz gorlarynyň üstüni ýetirmek, bu baýlyklaryň gazylyp alnyşyny artdyrmak boýunça pudagymyzyň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Biz hem bu il-ýurt bähbitli işe netijeli gatnaşýarys. Gündelik işimizi burawlaýyş işlerini alyp barýan baýlyk agtaryjylar bilen bilelikde maksada okgunly alyp barýarys. Alnan ýokary depgin bize şanly ýyly üstünliklere beslemäge pugta esas berýär — diýip, gürrüň berdi.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar