Meniň şäherim — ikinji öýüm

6 Maý 2024
298

Döwletimiziň okgunly ösýän döwründe Mary welaýatynyň Şatlyk şäherem giňelip, barha täze keşbe girýär. «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň işgärleri tarapyndan gazçylar şäherini abadanlaşdyrmak, köçeleriň gyralaryna, seýilgählerine bag nahallaryny, dürli gülleri ekmek, ýanýodalaryny döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýjylar üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan meýilnamalaýyn işler hem bellärliklidir. Şäheriň ýaşaýjylary arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilip, durmuş hajatlaryndan emele gelýän lagym suwlary bildirilýän talaplara laýyk arassalanylýar.

Hünärmenleriň, işçileriň bir ýüz elliden köpräginiň zähmet çekýän ýeri bolan bu kärhana boýunça geçen ýylda meýilleşdirilen işler üstünlikli berjaý edilipdir. Geçen ýyl şäheriň çäklerindäki agyz suw geçirijileriniň degişli ýerlerinde abatlaýyş, durkuny täzeleýiş işleri ýerine ýetirilipdir. Has takygy, suw geçirijileriň bir müň bäş ýüz ýetmiş üç metrinde ulanyş möhletini geçiren turbalar döwletimizde öndürilýän ýokary hilli polietilen turbalar bilen çalşyrylypdyr. Abatlaýyş, durkuny täzeleýiş işleri bellenilen meýilnama laýyklykda lagym suwlaryny geçiriji ulgamyň ugrunda-da ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Şol geçirijileriň bir müň sekiz ýüz kyrk metrinde hatardan çykan turbalara derek täze turbalar goýuldy. Elbetde, bu geçirilen işler suw geçiriji ulgamlaryň geçirijilik mümkinçiliginiň artdyrylmagyna ýardam berdi.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar