Geljegi röwşen senagat

6 Maý 2024
479

ýa-da sement önümçiligi barada pikirler

Diýarymyzda her günde diýen ýaly durmuş-medeni ýa-da önümçilik maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, saglyk merkezleriniň, köprüleriň, ýollaryň, önümçilik kärhanalarynyň gurulmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyndan habar berýär. Şonuň üçinem ildeşlerimiz her bir binanyň açylyşyny şatlykly dabara besleýär. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan bina edilýän desgalaryň gurluşygynda peýdalanylýan serişdeleriň hem ýurdumyzda öndürilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ykdysady özgertmelerini has-da rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda halkymyza hyzmat edýän döwrebap binalaryň, kuwwatly önümçilik toplumlarynyň hatary barha artýar.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar