2 sany ýel elektrik stansiýasy gurlar

6 Maý 2024
266

Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan sebitinde umumy bahasy 7,3 milliard amerikan dollaryna deň bolan iki sany ýel elektrik stansiýasy gurlar. Bu babatda Üçünji Daşkent halkara maýa goýum forumynda ylalaşyk gazanyldy.

Ýel elektrik stansiýalarynyň birinjisi ýylda 17,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolup, onuň taslamasy 6,2 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Onuň gurluşygy Saud Arabystanynyň «ACWA Power» kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdiriler. Ikinji ýel elektrik stansiýasynyň taslamasynyň bahasy 1,1 milliard amerikan dollaryna deň bolup, onuň ýyllyk kuwwaty 3,5 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Ol BAE-niň «Amea Power» kompaniýasy tarapyndan gurlar.

Gülşat YSLAMOWA,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň himiýa we energetika kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar