3 ýurduň energiýa ulgamy birleşdiriler

6 Maý 2024
231

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasynda bitewi energiýa ulgamy dörediler. Agzalan ýurtlaryň arasynda energiýa ulgamlaryny birleşdirmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň aýtmagyna görä, bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy üç ýurda hem «ýaşyl» energiýa önümçiliginde özara hyzmatdaşlyk etmäge şert döreder. Mundan başga-da, bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Gazagystanda we Özbegistanda öndürilen elektrik energiýasyny Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin mümkinçilik dörär.

Selbi NAZGYLYJOWA,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň geologiýa we geofizika kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar