124 ýurda guradylan miwe eksport etdi

6 Maý 2024
242

Türkiýe 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäniň 124 ýurduna we sebitine guradylan miweleriň we ir-iýmişleriň 118 müň 738 tonnasyny eksport etdi. Şeýlelikde, Türkiýe agzalan önümleriň eksportyndan 497,64 million amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 29,9 göterim artykdyr. Hasabat döwründe Türkiýeden guradylan miweleri we ir-iýmişleri iň köp satyn alan ýurtlar Germaniýa (61,6 million amerikan dollary), ABŞ (48,4 million amerikan dollary) hem-de Beýik Britaniýa (45,6 million amerikan dollary) bolupdyr.

Mähri DAŇATAROWA,
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar