Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri

6 Maý 2024
196

29-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda Daşary işler ministrliginiň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Atageldi Haljanow, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşow, Mejlisiň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň agzasy Gurbangeldi Aşyrow dagy çykyş etdiler. Şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň birikdirmeler bölüminiň hünärmeni Anna Warýanikiň sanly ulgam arkaly çykyşy diňlenildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary söwdada eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny belende galdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we ählumumylaşmak işini ilerletmäge ýardam berýändigini nygtadylar.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar