Türkmenistanyň söwda toplumy boýunça iş maslahaty geçirildi

6 Maý 2024
201

4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň mejlisler zalynda iş maslahaty geçirildi. Onda 3-nji maýda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de şu ýylyň 4 aýynda söwda toplumyna degişli ministrliklerde we edara-kärhanalarda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahaty söwda toplumynda şu ýylyň 4 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Minisitrler Kabinetiniň mejlisinde söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmak, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmak we bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşine mundan beýläk-de mynasyp goşant goşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň, import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

«Biznes reklama».
Beýleki habarlar