Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Sergiler Býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

6 Maý 2024
221

2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Halkara Sergiler Býurosynyň binasynda Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti, şol sanda Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň  wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan Halkara Sergiler Býurosynyň agzasy bolmak bilen, bu guramanyň geçirýän mejlislerine we beýleki çärelerine, şeýle hem ýöriteleşdirilen sergilere işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy.
Beýleki habarlar